Loading...
Loading...
Arebor — lomaý söwda üçin niýetlenen onlaýn platforma bolup, satyjylary we satyn alyjylary bir ýere jemleýär. Platforma arkaly ulanyjylar harytlary tapyp, sargyt berip we tölegleri amala aşyryp bilerler.
Arebor-dan: • Yuridik şahslar • Telekeçiler • Lomaý söwda bilen meşgullanýan kompaniýalar peýdalanyp biler. Platforma 18 ýaşa ýetmedik şahslar üçin niýetlenmedik.
Registrasiýa üçin: • Programmany ýa-da web-sahypany açyň • “Registrasiýa” düwmesine basyň • Zerur maglumatlary dolduryň (telefon belgisi, kompaniýa ady we ş.m.) • SMS ýa-da e-poçta arkaly hasaby tassyklaň
Hawa, Arebor platformasynda hasap açmak doly mugt. Käbir goşmaça hyzmatlar ýa-da aýratyn funksiýalar tölegli bolup biler.
Harytlar platformada: • Satyjylar • Lomaý üpjün edijiler tarapyndan ýerleşdirilýär. Arebor satyjy bilen satyn alyjynyň arasynda araçy bolup çykyş edýär.
Sargyt bermek üçin: • Gerekli harydy saýlaň • Mukdaryny we şertlerini barlaň • “Sargyt bermek” düwmesine basyň • Töleg usulyny saýlaň Sargyt ýagdaýy Şahsy kabinetde görkezilýär.
Sargyt: • Tassyklanylmazdan ozal ýatyrylyp bilner • Tassyklanylandan soň satyjy bilen ylalaşyk esasynda üýtgedilip bilner Jikme-jik maglumat üçin goldaw gullugyna ýüz tutmagyňyz maslahat berilýär.
Harydy yzyna gaýtarmak şertleri: • Satyjynyň gaýtaryş düzgünlerine • Baglaşylan şertnama şertlerine esaslanýar. Her haryt üçin şertler aýratyn görkezilýär.
Tölegler: • Onlaýn töleg ulgamlary arkaly • Bank kartlary • Beýleki rugsat edilen töleg usullary arkaly amala aşyrylyp bilner. Töleg usullary wagtyň geçmegi bilen giňeldilip bilner.
Hawa. Ähli tölegler: • Şifrlenen kanallar arkaly • Howpsuz töleg ulgamlary bilen amalga aşyrylýar. Ulanyjynyň kart maglumatlary Arebor tarapyndan saklanmaýar.
Hasap maglumatlaryny: • Şahsy kabinet → “Sazlamalar” bölümi arkaly üýtgedip bilersiňiz. Telefon belgisi ýa-da e-poçta çalşylsa, goşmaça tassyklama talap edilip bilner.
“Paroly dikeltmek” funksiýasyny ulanyp: • Telefon belgiňizi ýa-da e-poçtaňyzy giriziň • Gelen kody tassyklaň • Täze parol dörediň
Hasaby pozmak üçin: • Şahsy kabinet arkaly degişli soragy iberiň ya-da • Goldaw gullugyna ýazmaça ýüz tutuň Hasap pozulandan soň maglumatlar kanunçylyga laýyklykda işlenilýär.
Şahsy maglumatlar: • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda • Tehniki we guramaçylyk çäreleri bilen goralýar. Giňişleýin maglumat Gizlinlik syýasatynda görkezilýär.
Soraglar we tehniki meseleler boýunça: Programmanyň içindäki adminstrator bilen habarlaşmak bölüminden habarlaşyp bilersiňiz E-poçta: admin@arebor.com