Platforma seller tarapyndan platformada ýerleşdirilen we satylan her bir haryt boýunça komissiýa tölegini alýar.
Komissiýa tölegi diňe üstünlikli tamamlanan we müşderi tarapyndan kabul edilen satuwlar üçin ulanylýar.
2. Komissiýa möçberi
Minimal sargytlar (Ownuk satuwlar): Jemi sargyt bahasynyň 7 %-i. Orta sargytlar (Standart söwda): Jemi sargyt bahasynyň 5 %-i. Maksimal sargytlar (Iri we lomaý satuwlar): Jemi sargyt bahasynyň 3 %-i.
Bu komissiýanyň seller (satyjy) tarapyndan tölenýändigini.
3. Komissiýanyň hasaplanmagy we tutulmagy
Komissiýa möçberi müşderi tarapyndan tölenen gutarnykly sargyt bahasynyň esasynda, ýokarda görkezilen derejelere (göterimlere) laýyklykda hasaplanýar.
Platforma komissiýa tölegini Satyjynyň (seller) şahsy balansyndan awtomatiki görnüşde tutup biler.
Seller bilen ýörite ylalaşylan başga bir maliýe tertibi (hasaplaşyk) boýunça alyp biler.
4. Yzyna gaýtarylan harytlar
Müşderi tarapyndan haryt doly we esasly yzyna gaýtarylan ýagdaýynda, komissiýanyň tutulmagy ýa-da gaýtarylmagy platformanyň degişli düzgünlerine (Refund policy) laýyklykda ýerine ýetirilýär.
5. Düzgünleriň üýtgedilmegi
Platforma komissiýa şertlerini we sargyt limitlerini bazar ýagdaýyna görä bir taraplaýyn tertipde üýtgetmäge haklydyr.
Täze üýtgetmeler platformanyň resmi sahypasynda ýa-da satyjy panelinde çap edilen pursadyndan güýje girýär.
6. Ylalaşyk
Seller platformada registrasiýa bolmak bilen sargydyň göwrümine görä 3%, 5% ýa-da 7% komissiýanyň alynýandygyny tassyklaýar.
Bu komissiýanyň seller (satyjy) tarapyndan tölenýändigini.
Hem-de şu dokumentde görkezilen ähli şertleri we düzgünleri doly kabul edýändigini tassyklaýar.